Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan internet boýunça iň yzdakylaryň arasynda


BMG-niň Komissiýasynyň hasabatyna görä, internetiň ilata elýeterlilik derejesi Azerbaýjanda 50%, Orsýetde 49%, Gazagystanda 45%, Belarusda 39.6%, Özbegistanda 30.2%, Gyrgyzystanda 20%, Täjigistanda 13% we Türkmenistanda bary-ýogy 5%.

BMG-niň Komissiýasynyň hasabatyna görä, internetiň ilata elýeterlilik derejesi Azerbaýjanda 50%, Orsýetde 49%, Gazagystanda 45%, Belarusda 39.6%, Özbegistanda 30.2%, Gyrgyzystanda 20%, Täjigistanda 13% we Türkmenistanda bary-ýogy 5%.

Birleşen Milletler Guramasynyň giň zolakly aragatnaşyk ulgamlary boýunça Komissiýasynyň taýýarlan täze raporty dünýäniň 177 ýurdunda internetiň ilata elýeterlilik ýagdaýyna baha berýär.

BMG-niň Komissiýasynyň bu hasabatyna laýyklykda, häzirki wagt tutuş dünýä boýunça internet 2 milliard 260 million adama elýeterli diýlip hasaplanylýar. Internetiň elýeterliligi boýunça Islandiýa dünýäde birinji orunda goýlupdyr we bu ýurtda internetiň ilatyň 95 prosentine elýeterlidigi aýdylýar.

Hasabatda soňky wagtlar Estoniýada, Latwiýada we Litwada internetiň ilata elýeterlilik derejesiniň görnetin ýokarlanandygy bellenilýär. Hususan-da, şu günki gün Estoniýada ilatyň 76.5%-niň, Latwiýada 71.7%-niň, Litwada bolsa 65.1%-niň internetden peýdalanýandygy aýdylýar.

Pribaltikanyň bu üç döwletinden tapawutlylykda, ozalky sowet respublikalarynyň köpüsinde internetiň ilata elýeterlilik derejesi 50 prosentden pesde bolmagynda galýar. Olaryň arasynda bolsa, Türkmenistan iň pes derejede durýar.

Türkmenistan we beýlekiler

BMG-niň bu Komissiýasynyň hasabatynda tassyklanmagyna görä, şu günki gün internetiň ilata elýeterlilik derejesi Azerbaýjanda 50%, Orsýetde 49%, Gazagystanda 45%, Belarusda 39.6%, Moldowada 38%, Gürjüstanda 36.6%, Ukrainada 30.6%, Özbegistanda 30.2%, Gyrgyzystanda 20%, Täjigistanda 13% we Türkmenistanda bary-ýogy 5%.

Türkmenistandan soň internetiň elýeterliligi boýunça iň ýaramaz ýurtlar diýlip Gwineýa, Nigeriýa, Somali, Demirgazyk Koreýa, Burundi, Efiopiýa, Mýanmar we Timor-Leşte döwletleri görkezilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda postsowet ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan bilen Özbegistan metbugat we söz azatlygy boýunça iň bir ýaramaz ýurtlaryň hatarynda goýlup gelinýär.

Ýöne internetiň ilata elýeterlilik meselesinde Özbegistanyň Türkmenistandan has öňde durmagy, ýagny Özbegistanda 30%-den gowrak bolup, Türkmenistanda bary-ýogy 5% bolmagy bu iki ýurduň bu meselede örän tapawutlanýandygyny görkezýär.

Serhetsiz Reportýolar Guramasynyň Merkezi Aziýa regiony boýunça eksperti Ýohann Bihr iki awtoritar ýurduň arasyndaky bu tapawuda birnäçe ýagdaýyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Meniň pikrimçe, bu tapawudyň ilkinji faktorlaryndan biri internet hyzmatynyň bahasy bilen baglanyşykly. Mundan daşary, Özbegistanda internet kafelerine giňden rugsat berilýär we olaryň sany örän köp. Öýlerde-de internet hyzmatyndan peýdalanmak belli bir derejede ýeňil. Munuň üstesine, Özbegistanda soňky wagtlar mobil internetini ösdürmeklige uly üns berilýär” diýip, Ýohann Bihr belledi.

Berlen wadalaryň yzy gelmedi

Ýohann Bihriň pikiriçe, bu meselelerde, hususan-da, internet kafeleriniň sany, olaryň tölegi, internetden öýlerde peýdalanmak, onuň tölegini elýeterli etmek, mobil internetleriniň hilini we tizligini gowulandyrmak ýaly meselelerde Türkmenistanda henizem raýatlar çynlakaý problemalar we çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin hem interneti ösdürmek barada prezident Berdimuhamedowyň beren wadalaryna bäş ýyl bolandygyna garamazdan, ýagdaýyň ozalkylardan kän bir üýtgemändigini belledi.

“Türkmenistanda internetiň elýeterli ediljekdigi barada berlen wadalardan bäri bäş ýyl geçdi, emma biz ýagdaýyň kän bir üýtgemändigini görýäris. Biz internetde senzuranyň ulanylýandygyny, ýagny köp saýtlaryň petiklenýändigini görýäris. Biz internetiň tizliginiň-de örän pesdigini görýäris. Prowaýderlik bilen meşgullanaýjak firmalaryň arasynda-da konkurensiýanyň ýokdugyny görýäris” diýip, Farid Tuhbatullin häzirki ýagdaýa baha berdi.

Serhetsiz Reportýorlar Guramasynyň metbugat azatlyga barada ýaýradan soňky ýyllyk hasabatynda-da Türkmenistan dünýäniň 179 ýurdunyň arasynda 177-nji orunda durýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG