Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Galyňyň dini taraplary


Gurhanda: “Aýallara olaryň mähirlerini, ýagny galyňlaryny hoşluk bilen beriň” diýilýär.
Gurhanda: “Aýallara olaryň mähirlerini, ýagny galyňlaryny hoşluk bilen beriň” diýilýär.
Durmuşa çykýan gyz üçin galyň almak meselesi ençeme ýurtda bar, bu ýagdaýa Musulman ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda-da köp duş gelmek mümkin. Eýsem, galyňyň yslam dini bilen nähili ilteşigi bar?

Galyň alyp-almazlyk barada dinde näme diýilýär? Eger alynmaga rugsat edilýän bolsa, galyňyň möçberi näçe bolmaly? Azatlyk Radiosy bu meseleler bilen gyzyklanyp, ruhany Habibyllah Hakgany bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Habibylla Hakgany, galyňyň din bilen ilteşigi barmy?

Ahun Hakgany: Hawa, onuň yslam dininde nika aragatnaşygynyň iň möhüm usullarynyň biri bilen baglanyşygy bar. Gurhanda bu barada bir aýat bar, şonda şeýle diýilýär: “Aýallara olaryň mähirlerini, ýagny galyňlaryny hoşluk bilen beriň” diýilýär. Galyň aýalyň haky. Onuň (aýalyň) öz adamsyndan ýene-de birnäçe başga haklary hem bar. Aýalyň erkekden almaly haklarynyň arasynda ilkinjisi galyňdyr.

Azatlyk Radiosy: Dinde galyňyň möçberi barada bir zat diýilýärmi?

Galyňdan gyzyň ene-atasynyň ýa-da kowum-garyndaşlarynyň bir teňňe-de haky ýok. Ol diňe gyzyň öz haky bolýar.
Ruhany Habibyllah Hakgany
Ahun Hakgany: Galyňyň möçberi barada aýdylanda, bu barada imam agzam Rahmatulla Alynyň mezhebinde azyndan 10 teňňe bolmaly diýilýär. Köpünden näçe bolmalydygy aýdylmaýar, näçe bolsa bolup biler. Ýöne pygamberimiziň hadyslarynyň birinde bu barada şeýle diýilýär: “Aýallaryň bereketlirägi, aýallaryň hoş bagtlyragy, olaryň iň gowragy, mähir (pulunyň) az bolany”. Ýagny, galyňy näçe az bolsa, şonça-da şol aýalyň özi şol öýe bereket getirer diýýär pygamberimiz.

Azatlyk Radiosy: Galyňy salmazlyk günä hasaplanýarmy?

Ahun Hakgany: Ýok, galyňy durmuşa çykjak gyzyň özi bagyşlap, almanam bilýär. Galyň Allatagallanyň oňa erkekden almaga beren hakydyr, ony (gyz) alybam, almanam bilýär.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, galyňyň möçberini enesi-atasy däl, gyzyň özi kesgitlemeli, şeýlemi?

Ahun Hakgany: Hawa, ol onuň öz haky bolansoň, näme alasy gelse, alybam bilýär, islese, almanam bilýär. Şol galyňdan gyzyň ene-atasynyň ýa-da kowum-garyndaşlarynyň bir teňňe-de haky ýok. Ol diňe gyzyň öz haky bolýar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG