Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýadaky uly oýunlar


Merkezi Aziýanyň kartasy

Merkezi Aziýanyň kartasy

Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa boýunça tanymal ekspertleriniň biri, Kolumbiýa uniwersitetiniň Barnard kollejiniň professory Aleksandr Kuleý “Uly oýunlar, ýerli düzgünler: Merkezi Aziýada güýç ugrundaky täze bäsleşik” atly kitabyny çap etdi.

Kuleý öz kitabynda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-da amala aşyrylan terroristik hüjümden soň Merkezi Aziýa sebitinde uly güýçleriň, ýagny ABŞ-nyň, Orsýetiň we Hytaýyň başlan özara bäsleşigine ünsi çekýär. Kuleý Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde öz kitabynyň mazmuny, şeýle-de onda öňe sürülýän esasy pikirler barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Siz öz kitabyňyzda Merkezi Aziýa sebitinde ABŞ-nyň, Orsýetiň we Hytaýyň bäsleşýändigini belleýärsiňiz. Şeýle-de siz bu sebitdäki döwletleriň öz ýerli düzgünlerini hem kesgitleýändigini ýazýarsyňyz. Siz “ýerli düzgünler” diýmek bilen, nämäni göz öňünde tutýarsyňyz?

Aleksandr Kuleý: Kitapda esasy nygtalýan meseleleriň biri – bu Hytaýyň, Orsýetiň we ABŞ-nyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň has ýaýbaňlanmagy bilen bagly. Bu gatnaşyklar dürli görnüşlerde amala aşyryldy: bir tarapdan bu özara bäsleşik bolan bolsa, beýleki bir tarapdan, bu özara hyzmatdaşlyk bilen alamatlanýar.

Emma oýnuň nähili özgerjekdigini ýerli düzgünler kesgitledi. Ýerli düzgünler diýenimde, men režimleriň daşarky bähbitleri we resurslary peýdalanyp, özleriniň güýç ugrundaky tagallalaryny tijäp bilşini göz öňünde tutýaryn. Kähalatlarda bu olaryň şahsy gatnaşyklarynyň hem berkemegine getirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyzda özara bäsleşikde Hytaýyň has köp hasaba alnandygyny nygtaýarsyňyz. Näme üçin?

Aleksandr Kuleý: Meniň pikirimçe, daşarky güýçleriň haýsy biriniň üstünlik gazanandygyny kesgitlemek üçin, olaryň ulanan strategiýalaryny we başlan ýagdaýlaryny hasaba almak gerek. Mundan 10 ýyl çemesi ozal Hytaýyň bu döwletler bilen käbir serhet ylalaşmazlyklary bardy. Pekiniň söwda gatnaşyklary hem örän pesdi.

Hytaý uly planlary nazara alyp, oýna girdi. On ýylyň içinde ol “Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy” atly halkara guramasyny esaslandyrdy. Şeýle-de bu döwrüň içinde Pekin regiondaky iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Ol Merkezi Aziýanyň tebigy resurslaryny gündogara tarap akdyrjak turbageçirijileri hem çekdi. Mundan başga-da Hytaý Merkezi Aziýa döwletleri bilen howpsuzlyk, şol sanda serhet ylalaşyklarynyň hem ençemesini baglaşdy. Garaz, häzir Hytaý öňünde goýan maksatlarynyň köpüsini amala aşyrdy diýsek-de bolar.

Azatlyk Radiosy: Oktýabr aýynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Pakistana sapara barmaly. Bellenmegine görä, bu Orsýetiň lideriniň Yslamabada edýän ilkinji sapary bolmaly. Biz Orsýet regionda öz täsirini artdyrýar diýip bilerismi?

Aleksandr Kuleý: Hawa, elbetde. Meniň pikirimçe, Orsýet özüniň täsirini Gündogarda has-da artdyrmak ugrunda tagalla edýär. Üstesine-de, Pakistan ugrunda ABŞ bilen Hytaýyň arasynda özara bäsleşik bar. Emma iş ýüzünde şeýle bäsleşigiň bardygyny taraplaryň hiç biri-de boýun almaz. Meniň pikirimçe, Orsýet hem bu sebitde öz täsirini artdyrmaga synanyşar.

Ýöne Orsýet babatynda bu taýda bir kynçylyk hem bar. Ýagny, bu regionda Orsýete bir ýewropa güýji, postsowet döwrüniň oýunçysy hökmünde garalýar. Men Orsýetiň bu sebitdäki döwletlere hakyky manyda hyzmatdaşlyk hödürläp biljekdigine belli bir derejede şübheli garaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Häzire çenli bu üç güýjüň arasynda çaknyşyk bolmady. Geljekde şeýle zat mümkin bolup bilermi?

Aleksandr Kuleý: Men şeýle zatlara şaýat bolarys diýip biljek däl. Biz bir zady berk ýatda saklamaly, bu üç güýjüň hersiniň sebitden araýan bähbitleri dürli-dürli. Şunlukda şol güýçleriň üçüsem bu sebitde üýtgeşik dawasyz hereket edip biler.

ABŞ özüniň Owganystandaky alyp barýan harby operasiýalary sebäpli, regiondaky döwletlere howpsuzlyk we ýük daşamak meseleleri nukdaýnazaryndan çemeleşýär. Hytaý özüniň günbataryndaky Sintzýan sebitiniň howpsuzlygyndan ugur alyp hereket edýär. Orsýet barada aýdylanda, ol, esasan, sebitde özüniň agalygyny görkezjek bolýar. Garaz, Moskwa bu regionda özüniň sylanmagyny gazanjak bolýar.

Umuman aýdylanda, ýagdaýlar ýitileşen halatynda-da, bu üç maksat özara sazlaşyp biler diýip pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG