Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: ‘Energiýa üpjünçiligini kepillendirmeli’


Türkmenistanyň daşary işler ministri Baş Assambleýada çykyş edýär.
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:50 0:00

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-da çykyş edýär.

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Raşid Meredow 27-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda şu günki gün energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny kepillendirmegiň global möçberde dünýä ähmiýetine eýe bolýandygyny nygtady.

“Şu günki gün dünýäniň durnukly, konfliktsiz ösüşiniň esasy şertleriniň biri, obýektiw sebäpler görä, energiýa howpsuzlygy bolup durýar” diýip, Raşid Meredow aýtdy.

Bähbitleriň goragy

Türkmenistan, energiýa üpjünçiliginiň howpsuz amala aşyrylmagy üçin, uglewodorod resurslaryny öndürijiniň, tranzit edijiniň we ulanyjynyň bähbitlerini deň derejede goramaga gönükdirilen halkara kanunçylygynyň işlenip düzülmegini öňe sürýär.

“Bu meselede ilkinji ädim hökmünde, şu sessiýanyň çäginde, BMG-niň bu ugurdaky köptaraply dökumentini işläp düzjek ekspertler toparyny döretmek barada Baş Assambleýanyň rezolýusiýasynyň proýektini taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýarys” diýip, Meredow aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow tebigaty, daşky gurşawy goramak meselesinde edilmeli hyzmatdaşlyk barada hem durup geçdi.

Ol Merkezi Aziýanyň, Kaspi basseýniniň zonasynyň çylşyrymly ekologiýa şertlerindäki region bolup durýandygyny belläp, bu sebitde ekologiýa meselelerini çözmek boýunça edilýän işleriň ýeterlik däldigini aýtdy.

Regional tehnologiýa merkezi

Türkmen resmisiniň pikiriçe, bu meselede netijeliligi gazanmak üçin ylmy, tehnologiki, syýasy-diplomatiki we guramaçylyk-tehniki çäreleriniň görülmegi zerur.

“Şu sebäpden, BMG bilen hyzmatdaşlykda, Merkezi Aziýada we Kaspi basseýninde, klimatyň özgermegi bilen bagly, regional tehnologiýa merkezini döretmegi teklip edýäris” diýip, Meredow aýtdy.

R. Meredowyň pikirine görä, şeýle merkeziň döredilmegi bu sebitiň ýurtlarynyň ekologiýa howpsuzlygy meselesinde has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegine, bu ugurdaky milli, regional, halkara tagallalarynyň has netijeli utgaşdyrylmagyna kömek eder.

Şeýle-de R. Meredow Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak meselesine uly üns berýändigini, Türkmenistanyň dünýäde ýaragsyzlanmak prosesine hemme taraplaýyn goşant goşmagyny mundan beýlägem dowam etdirjegini aýtdy.

Adam hukuklary we azatlyklary

“Geljek ýyl, BMG-niň ýolbaşçylygy astynda, ýaraglary ýaýratmazlygyň halkara hukuk esaslaryny giňeltmeklige gönükdirilen çäreler hakynda maslahatlaşmak üçin, ýokary derejeli konsultasiýa maslahatyny geçirmekligi teklip edýäris” diýip, Meredow aýtdy.

Meredow Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyna adamzat progresi, adamlaryň durmuşyny we abadançylygyny ýokarlandyrmak, global ykdysady we sosial ösüş üçin amatly şertleri döretmek, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, onuň hukuklaryny we azatlyklaryny goldamak nukdaý nazaryndan seredýändigini nygtady.

Türkmen ministriniň aýtmagyna görä, şu maksatdan ugur alyp, 2013-2015-nji ýyllar aralygynda BMG-niň Ykdysady we sosial geňeşine agza bolmak üçin, Türkmenistan öz kandidutarsyny hödürläpdir. Ol bu kararyň ýurduň syýasy, sosial-ykdysady, gumanitar we beýleki ugurlardaky häzirki ösüş reallyklaryna, halkara proseslerindäki işjeň pozisiýasyna esaslanýandygyny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de R. Meredow BMG-niň halkara meseleleriniň gün tertibine gumanitar problemalaryň aýratyn, özbaşdak ugur hökmünde goşulmalydygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG