Sepleriň elýeterliligi

Nepaldaky uçar heläkçiliginde uçardaky 19 adam öldi


Anna güni Nepalyň paýtagty Katmandu şäheriniň golaýyndaky daglyk ýerde bir uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde uçaryň içindäki ähli 19 adam wakanyň pidasy boldy.

Nepalyň resmileri bu wakada Katmandu şäherinden Ewerest daglygyndaky Lukla şäherine tarap uçan bir kiçi ýolagçy uçarynyň birnäçe minutdan soň näbelli sebäbe görä daglyk ýere gaçandygyny mälim etdiler.

Maglumatda bu wakada ölen 19 adamdan ýedisiniň britaniýalydygy, bäşisiniň hytaýlydygy we beýleki ýedisiniň-de ýerli nepallydygy aýdylýar. Bu uçar heläkçiliginiň sebäbini anyklamak boýunça häzirki wagt derňew işleriniň alnyp barylýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG