Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň we Argentinanyň ministrleri ABŞ-da gepleşik geçirdi


Penşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynyň çäklerinde Eýranyň we Argentinanyň daşary işler ministrleri 1994-nji ýylda Buenos Aýres şäherindäki hüjüm bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.

1994-nji ýylda Argentinanyň paýtagtyndaky ýewreý merkezinde amala aşyrylan şol partlamada 85 adam ölüpdi. Şonda Argentinanyň häkimiýetleri bu wakada Eýrany aýyplap çykyş edipdiler.

Penşenbe günki resmi beýanatda Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi bilen Argentinanyň daşary işler ministri Hektor Timermanyň bu ugurdaky gepleşikleriniň konstruktiw ýagdaýda geçendigi we olaryň özara dialoglary dowam etdirmekligi ylalaşandyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG