Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Tripolidäki ilçihanasynyň işgärleriniň sanyny azaldýar


Birleşen Ştatlaryň hökümeti howpsuzlyk çäreleri bilen baglanyşykly Liwiýanyň paýtagty Tripolidäki Amerikan ilçihanasynyň işgärlerini azaldýandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu çäräniň wagtlaýyn çäredigini we geljek hepde ilçihananyň işgärleriniň sanyny gaýtadan artdyrmak meselesi barada ýörite maslahat ediljekdigini aýtdy.

Ýakynda, 11-nji sentýabrda Liwiýanyň Bengazi şäherindäki Amerikan konsullygyna edilen hüjümde dört sany diplomatyň, şol sanda ilçiniň-de öldürilmeginiň yzy bilen, Waşington özüniň bu ýurtdaky diplomatlarynyň sanyny görnetin azaltdy.

Liwiýanyň Bengazi şäherindäki we käbir beýleki raýonlaryndaky amerikan diplomatlarynyň hemmesi yzlaryna çagyryldy.
XS
SM
MD
LG