Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Tikrit şäherindäki türmeden onlarça tussag gaçyp çykdy


Anna güni Yragyň resmileri ýurduň Tikrit şäherindäki türmä edilen hüjümde ýaragly söweşijileriň bu türmäniň kontrollygyny wagtlaýynça öz ellerine alandyklaryny habar berdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, türmä garşy bu hüjümler çarşenbe güni agşam bu türmäniň esasy derwezesiniň öňünde amala aşyrylan uly partlamanyň yzýany başlanypdyr. Yragyň Içeri işler ministrligi anna güni türmäniň kontrollygyny gaýtadan hökümet güýçleriniň ele alandyklaryny mälim etdi.

Ministrligiň deslapky maglumatlaryna görä, bu ýüze çykan atyşyklarda azyndan 10 sany polisiýa işgäri we 5 sany tussag ölüpdir. Bu wakada türmeden azyndan 80-den gowrak tussagyň gaçyp çykandygy-da habar berilýär.

Türmä edilen hüjümiň yzy bilen anna güni Yragyň bu Tikrit şäherinde gyssagly komendant sagady girizildi.
XS
SM
MD
LG