Sepleriň elýeterliligi

“Ýar onda aglar – men munda”


Daşary ýurtlara çykmak isleýän raýatlaryň bir topary Türkmenabat şäheriniň Migrasiýa gullugynyň öňünde nobata durlar. Türkmenabat, 25-nji sentýabr, 2012.

Daşary ýurtlara çykmak isleýän raýatlaryň bir topary Türkmenabat şäheriniň Migrasiýa gullugynyň öňünde nobata durlar. Türkmenabat, 25-nji sentýabr, 2012.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ýüze çykan ykdysady kynçylyklar sebäpli daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sanynyň-da kem-kem artýandygy habar berilýär. Bu zähmet migrantlarynyň arasynda aýal-gyzlaryň-da örän köpdügi aýdylýar. Azatlyk Radiosy şu tendensiýa barada Lebap welaýatyndan özüni Züleýha diýip tanadan bir zenan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly köp türkmen zenanlary daşary ýurtlara işlemäge gidýärler. Şunuň sebäpleri barada näme aýdyp bolar?

Züleýha:
Zenanlar obada işsiz, iş ýok, işe girip bilenoklar. Şonuň üçinem, ýaşlar Türkiýä gidip, işleýärler.

Azatlyk Radiosy: Olar öz öýlerine nähidir bir gazanç getirip bilýärlermi?

Züleýha: Olar işläp, her aýda öýlerine dollarda pul iberýärler.

Azatlyk Radiosy: Mysal üçin, olar ortaça näçeräk dollar iberip bilýärler öýlerine?

Züleýha:
Iki ýüz dollar iberýänem bar, bäş ýüz dollar iberip ýörenlerem bar, umuman, iberýäler.

Azatlyk Radiosy: Obalardan daşary ýurtlara işlemäge gidýän şular ýaly zenanlar köpmi?

Züleýha:
Obada kän olar ýaly zenanlar, oglanlaram gidip ýör, maşgalasy bilen gidip ýörenlerem bar öz çagalary bilen.

Azatlyk Radiosy: Çagalary-da daşary ýurtlara goýberýärlermi?

Züleýha: Onunjy klasy gutaran çagalar öz ejeleriniň ýany bilen gidýäler, olaram daşary ýurtlarda işläp ýörler.

Azatlyk Radiosy: Adamlaryň şular ýaly köpçülikleýin daşary ýurtlara gitmekleriniň esasy sebäbini siz nämede görýärsiňiz?

Züleýha:
Işsizlik. Bu ýerde adamlar iş tapanoklar, iş ýok. Köp adamlaryň kärende ýerlerem ýok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň resmi häkimiýetleri ýurtda işsizligiň azalýandygyny aýdýarlar. Etraplarda köp obýektler gurulýar, zawod-fabrikleriň gurulýan ýerleri bar. Şular ýaly gurluşyklar siziň öz ýaşaýan ýeriňizde amala aşyrylmaýarmy?

Züleýha: Biziň obamyzd-a olar ýaly zat ýok, gurluşyklar ýok. Çagalar bagy we mekdep bar, ýöne olar ozaldan işläp gelýärler. Emma täze gurluşyk ýok. Kärende ýerlerini-de ozaldan alyp, işläp ýörenler bar. Ýöne häzir täze ýerler hem ýok. Şol ozalky ýer alanlar bar, olaryňam öz ýerlerini hiç kime beresi gelmeýär. Her ýyl gyz-oglanlar mekdebi gutaryp, obada galýarlar uzaga gitmän. Onsoň, şol sebäpli işsizligem köpelip gidip otyr.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtlara gidýän zenanlaryň ýaş çagalary bar bolsa, olar öz çagalaryny kime goýup gidýärler?

Züleýha:
Ol zenanlaryň köpüsi öz ýaş çagalaryny enelerine taşlap gidýärler. Käwagt gaýynlara tabşyraýmasalar, olar esasan öz enelerine ynanyp, şolara tabşyryp, gidýärler. Iki-üç çagany taşlap, gidip ýörenlerem bar.

Men birini tanaýan, ol gelin 2006-njy ýylda üç çagasyny taşlap gitdi. Soňam käwagt-käwagt bir zerurçylykda pul iberýärdi yzyna. Soňam 2.5 ýyl işlänsoň, deportasiýa bolup, ol yzyna gaýtdy. Soň gelip, ejeleriniňkide bir ýyl ýaşady, çagalarynyň ýanyna-da gelmedi. Bir ýyl bärde ýaşap, soň dollarda kän karz alyp, Eýranyň üsti bilen ýene gaýtadan Türkiýä gidip, häzirem işläp ýor.

Azatlyk Radiosy: Siz ol gelin ejeleriniňkä gelip-gidýär diýdiňiz welin, onda onuň çagalary nirede bolýar?

Züleýha: Çagalar kakalarynyňkyda. Olara enesi, kakasy seredýär.

Azatlyk Radiosy: Onsoň üç çagany eklemäge olaryň kakasynyň we enesiniň ýagdaýy barmyka?

Züleýha: Ol çagalaryň kakasy hiç ýerde işlänok. Bir ýere işe giräýse-de, ol ýerden ony komandirowka ugradýarlar. Ol bir aýlap Aşgabada ýa-da Krasnowodskä (häzirki Türkmenbaşa) gidip işlemeli. Onuňam öz çagalaryna ýüregi çydaman, hiç ýere gidip bilenok. Obada-da iş ýok. Onsoň çagalary olaryň enesi öz pensiýasy bilen ekleýär.

Azatlyk Radiosy: Olaryň ejesi daşary ýurtda işleýän bolsa, onuň bilen habarlaşyp, çagalary üçin pul talap edilmeýärmikä?

Züleýha: Zerur bolan wagty, olaryň kakasy pul soraýar. Olaryň ejesem käwagt pul iberýär, mysal üçin, käte sentýabrda olara okuw esbap almak üçin pul iberýär. Olaryň üçüsem ogul çaga, olar iýmeli-içmeli, geýinmeli. Onuň iberýän puly bu çagalara ýetenok.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaýa çagalar nähili garaýarlar, olar ejelerini küýsänokmy?

Züleýha: Olar ejesini küýseýär. Olara daýzasy ýa garyndaşy ýa mugallymasy gelse, ol çagalar olara birhili garaýyş bilen seredýärler. Şonda aňsa bolýar olara ene mähriniň ýetmeýändigini.

Azatlyk Radiosy: Çagalaryň terbiýesi nähili bolýar? Olaryň okuwlaryna ýetişişi nähili?

Züleýha: Olaryň okuwa kän bir ünsem ýok. Oýna ýykgyn edip, olaryň kän bir okasam gelenok.

Azatlyk Radiosy: Zenanlaryň eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmezlikleri üçin näme edilmeli siziň pikiriňizçe?

Züleýha: Zenanlaryň daşary ýurtlara gitmezlikleri üçin obalarda iş ýerleri bolsa, iş ýerleri köpelse, olar gitmezdiler. Şu işsizlikden gidýärler daşary ýurtlara. Olaram çagalaryny eklemeli, oglan bolsa, ony öýermeli, jaý edinmeli. Şol niýet bilenem olar daşary ýurtlara gidýärler. Sebäbi ol zatlary bu ýerde edip bolanok – iş ýok, işe girip bolanok.

Azatlyk Radiosy: Türkiýede ýaşrak gyzlaryň durmuşa çykyp, ol ýerde galýan halatlary-da bolýarmy?

Züleýha: Obada şeýle ýagdaýlaryň bardygy aýdylýar, ýöne meniň özüm-ä takyk bilemok. Obada käbirleri aýdýar “Gyzym gitdi, durmuşa çykypdyr. Ýaşaýşam gowy, işleýär, aýlygam gowy” diýip. Şony men eşidýän onda-munda.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG