Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ispaniýadaky sil heläkçiliklerinde azyndan dört adam öldi


Anna güni Ispaniýanyň günorta regionynda agyr ýagynyň döreden sil heläkçiliginde azyndan dört adam ölüp, ýüzlerçe adam öz ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur boldy.

Habar agentlikleri aýratynam Ispaniýanyň Malaga we Almeriýa prowinsiýalarynda sil suwunyň uly ýykan-ýumrançylyklary döredendigini habar berýärler.

Ýurduň häkimiýetleri geljek iki günüň dowamynda bu regionda ýagynyň ýene dowam etjekdigini we sil heläkçilikleriniň ýüze çykmak howpunyň artjakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG