Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl eýran-argentin gepleşiklerine lapykeçlik bildirdi


Anna güni Ysraýylyň hökümeti şu geçen hepde Nýu-Ýorkda Argentinanyň daşary işler ministriniň Eýranyň daşary işler ministri bilen geçiren gepleşigine özüniň lapykeçligini bildirdi.

Hepdäniň penşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynyň çäklerinde Eýranyň we Argentinanyň daşary işler ministrleri 1994-nji ýylda Buenos Aýres şäherindäki hüjüm bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşypdylar.

Ysraýylyň Buenos Aýresdäki ilçihanasy bu barada ýaýradan resmi beýanatynda 1994-nji ýylda amala aşyrylan şol hüjümiň Eýran tarapyndan amala aşyrylandygyna şübhelenmek üçin hiç hili esasyň ýokdugyny nygtapdyr.

Ilçihana ýewreý merkezine hüjüm etmek baradaky karara-da Eýranyň hökümet derejesinde gelnendigine hiç hili şübhäniň ýokdugyny belläpdir. 1994-nji ýylda Argentinanyň paýtagtyndaky ýewreý merkezinde amala aşyrylan şol partlamada 85 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG