Sepleriň elýeterliligi

Watikan: Gabrielanyň işi boýunça sud diňlenişigi yza süýşürildi


Şenbe güni Watikanyň sudy Rim katolik ybadathanasynyň baş edarasynda maslahatçy bolup işlän Paolo Gabrielanyň işi boýunça sud diňlenişigini 2-nji oktýabra geçirdi.

Sud Paolo Gabrielanyň işi boýunça sud diňlenişiginiň geljek hepdäniň ahyryna çenli tamamlanmagynyň mümkindigini mälim etdi.

Paolo Gabriela Rim papasynyň dini edarasynyň içerki hatlaryny we dokumentlerini bikanun ýagdaýda žurnalistlere berenlikde aýyplanylýar. Bu işde günäli tapylan halatynda oňa 4 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.

Paolo Gabrielanyň özi bu hatlary we dokumentleri žurnalistlere bermek arkaly, Rim katolik ybadathanasynyň içindäki korrupsiýa problemalaryna jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek isländigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG