Sepleriň elýeterliligi

Yragyň türmesindäki hüjüm türmäniň öz içinden gurnalypdyr


Şenbe güni Yragyň Içeri işler ministrligi hepdäniň anna güni ýurduň Tikrit şäherindäki türmede ýüze çykan hüjümiň bu türmäniň içinden gurnalandygyny mälim etdi.

Bu barada ýaýradylan resmi beýanatda bu türmäniň käbir goragçylary bilen tussaglaryň arasynda dildüwşügiň bolandygyny görkezýän aýdyň alamatlaryň bardygy aýdylýar.

Resmi beýanatda aýdylmagyna görä, Tikrit şäherindäki türmäniň içine tussaglaryň dogan-garyndaşlary tarapyndan ýarag getirilipdir we olaryň türmä sapar edýän wagty türmäniň içki gapylarynyň gulpy açyk galdyrylypdyr.

Yragyň resmileriniň aýtmaklaryna görä, anna güni amala aşyrylan bu hüjümde Tikrit şäheriniň türmesindäki 303 sany tussagdan 102-si gaçyp çykypdyr. Şolardan 47-siniň ölüm jezasyna garaşyp oturan “Al-Kaýda” topary bilen baglanyşykly tussaglardygy aýdylýar.

Anna günki çaknyşyklarda polisiýa işgärlerinden 16-synyň we tussaglardanam 4-siniň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG