Sepleriň elýeterliligi

S.Lawrow Siriýanyň oppozisiýasyny goldaýjylary tankytlady


Anna güni BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň režimini agdarmakda oppozision güýçlere goldaw berýän ýurtlary tankyt etdi.

Ol haýsydyr bir ýurduň kanuny hökümetini güýç ulanyp agdarmak ugrunda görülýän çäreleriň halkara şertnamalarynyň normalaryna laýyk gelmeýändigini belledi.

Sergeý Lawrow Siriýadaky konfliktleri ikitaraplaýyn hüjümleri bes etmek, tussaglary azatlyga goýbermek we gumanitar ýardamlary ýola goýmak ýaly çäreler arkaly çözmelidigini nygtady.

Ol şeýle çäreleriň Siriýanyň öz içinde özara dialoglaryň ýola goýulmagyna mümkinçilik döretjekdigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG