Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýranyň oppozision toparyny “gara sanawdan” aýyrdy


Anna güni Birleşen Ştatlar Eýranyň bosgunlykdaky oppozision “Halk mujaheddinleri” toparyny terror guramalarynyň sanawyndan aýyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti özüniň bu kararyny “Halk mujaheddinleri” toparynyň häzirki wagt zorlukly çäreleri açyk inkär edýändigi hem-de soňky on ýyldan gowrak wagt bäri bu topara degişli terrorçylykly işleriň hasaba alynmandygy bilen düşündirýär.

Eýranyň oppozision “Halk mujaheddinleri” toparynyň agzalary 1980-1988-nji ýyllaryň Eýran-Yrak urşunda Saddam Husseýniň režiminiň tarapynda Eýranyň güýçlerine garşy söweşipdiler.

Soňky birnäçe onýyllyklaryň dowamynda bu toparyň agzalarynyň köpüsi Yragyň demirgazygyndaky ýörite bosgunlar lagerinde ýaşap geldiler. Häzirki wagt Yragyň häkimiýetleri bu bosgunlary beýleki ýurtlara ugratmak çäreleri bilen meşgullanýarlar.
XS
SM
MD
LG