Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň oppozision topary “gara sanawdan” çykdy


Fransiýanyň Tawerny şäherinde Eýranyň “Halk mujaheddinleri” toparynyň agzalary bu toparyň lideriniň suratyny göterip, ýöriş geçirýärler. Tawerny, 26-njy iýun, 2010.
Fransiýanyň Tawerny şäherinde Eýranyň “Halk mujaheddinleri” toparynyň agzalary bu toparyň lideriniň suratyny göterip, ýöriş geçirýärler. Tawerny, 26-njy iýun, 2010.
Anna güni Birleşen Ştatlar Eýranyň bosgunlykdaky oppozision “Halk mujaheddinleri” toparyny terror guramalarynyň sanawyndan aýyrdy.

Döwlet sekretary Hillari Klintonyň bu barada kabul eden kararyny ABŞ-nyň Döwlet departamenti “Halk mujaheddinleri” toparynyň zorlukly çäreleri açyk ýazgarýandygy, soňky on ýyldan gowrak wagt bäri bu topara degişli terrorçylykly işleriň hasaba alynmandygy hem-de bu toparyň Yrakdaky öz bazasyny ýapmak meselesinde hyzmatdaşlyk edendigi bilen düşündirýär.

Topar üçin giň ýol

Bu kabul edilen karar Eýranyň bu oppozision toparynyň Birleşen Ştatlardaky emläklerini we bank hasaplaryny Waşingtonyň indi doňdurmajakdygyny, şeýle-de amerikan kompaniýalarynyň, goşmaça lisenziýa almazdan, bu topar bilen maliýe hyzmatdaşlyklaryny ýola goýup biljekdigini aňladýar.

“Halk mujaheddinleri” toparynyň Parižde iş alyp barýan lideri Marýam Rajawi Waşingtonyň bu kararyna öz hoşallygyny bildirdi we öz toparynyň Eýranyň režimine garşy halkara derejesinde alyp barýan kampaniýasyny has-da güýçlendirjekdigini aýtdy.

“Bu kabul edilen karar dogry karar. Men Döwlet sekretary Klintona minnetdarlyk bildirýärin, sebäbi ol Eýranyň garşy duruş güýçlerine hem-de Eýranyň halkyna bähbitli bolan, şol bir wagtyň özünde-de mollalaryň režimine garşy bolan karary kabul etdi” diýip, Marýam Rajawi belledi.

ABŞ-nyň aladalary heniz saklanýar

Ýöne ABŞ-nyň Döwlet departamenti häzirki karary kabul etmek bilen bir wagtda Eýranyň “Halk mujaheddinleri” toparynyň geçmişdäki terrorçylykly işlerini, “şol sanda, onuň 1970-nji ýyllarda Eýranda amerikan raýatlaryny öldürendigini we 1992-nji ýylda ABŞ-nyň topragynda eden hüjümini” ýatdan çykarmaýandygyny belläpdir.

Şeýle hem, Döwlet departamenti bu baradaky beýanatynda bu toparyň işi bilen baglanyşykly “çynlakaý aladalarynyň” bardygyny, hususan-da onuň öz agzalaryna garşy amala aşyran kanun bozmalary bilen bagly bildirilýän aýyplamalar boýunça aladalarynyň bardygyny nygtapdyr.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bir ýokary derejeli resmisi Eýranyň “Halk mujaheddinleri” toparyna demokratik prinsipleri kabul etjek bir hereket hökmünde garalmaýandygyny mälim etdi.

Toparyň ýakyn geçmişi

Eýranyň oppozision “Halk mujaheddinleri” topary 1970 we 1980-nji ýyllarda ýurduň şol wagtky şa režimine, birneme soňra bolsa ruhanylar režimine garşy ençeme ganly hüjümleri amala aşyranlykda aýyplanylýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu topary 1997-nji ýyldan bäri terror guramalarynyň sanawynda saklap gelipdi.

Bu toparyň agzalary 1980-1988-nji ýyllaryň Eýran-Yrak urşunda Saddam Husseýniň goşunlarynyň tarapynda durup, Eýranyň güýçlerine garşy söweşipdiler.

Soňky birnäçe onýyllyklaryň dowamynda bu toparyň agzalarynyň köpüsi Yragyň demirgazygyndaky ýörite bosgunlar lagerinde ýaşap geldiler. Häzirki wagt Yragyň häkimiýetleri bu bosgunlary beýleki ýurtlara ugratmak çäreleri bilen meşgullanýar.
XS
SM
MD
LG