Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda sport: desga köpelýär, tomaşaçy az


Türkmenistandan gelýän habarlarda ýurtda geçirilýän sport ýaryşlaryna tomaşaçy tapmagyň uly mesele bolup galýandygy aýdylýar.

Türkmenistandan gelýän habarlarda ýurtda geçirilýän sport ýaryşlaryna tomaşaçy tapmagyň uly mesele bolup galýandygy aýdylýar.

Türkmenistanda soňky ýyllarda sporta uly üns berilýändigi aýdylýar. Ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň döwlet derejesinde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly soňky ýyllarda gurlan häzirkizaman sport desgalary hökümetiň bu pudaga serişde gysganmaýandygyny-da görkezýär.

Mundanam başga, Türkmenistanda sporty wagyz etmekde hem belli bir işler edilýär. Muňa mysal edip, täze açylan “Türkmenistan sport” telekanalyny, sport gazetini agzamak bolar. Ýöne, muňa garamazdan, türkmen sportsmenleri halkara ýaryşlarynda uly bir netije gazanyp bilmän gelýärler.

Ikinji tarapdan, Türkmenistandan gelýän habarlarda ýurtda geçirilýän sport ýaryşlaryna tomaşaçy tapmagyň uly mesele bolup galýandygy aýdylýar. Elbetde, bu diňe Aşgabat aýlawynda geçirilýän at çapyşyklaryna degişli däl.

Türkmenistanda sporta döwlet derejesinde üns berlip, uly serişde goýberilýän wagtynda sport muşdaklarynyň köpelmezliginiň sebäbi näme? Umuman, türkmen sporty we sport muşdaklary näme üçin gowuşgynsyz görünýär?

Bu soraglara jogap tapmak üçin Azatlyk Radiosy türkmen sportsmeni Aly Agaýewi, ýerli synçylar Amanmyrat Bugaýewi we Nurberdi Nurmämmedowy “Tegelek Stol” söhbetdeşligine çagyrdy.

Şu temadan geçirilen “Tegelek Stol” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG