Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze goşgular


Swesiýada ýaşaýan belli türkmen şahyry Şiraly. Stokgolm, 2010.
Swesiýada ýaşaýan belli türkmen şahyry Şiraly. Stokgolm, 2010.
Ýat ýurtlaryň ýollary

Bu ýurtlarda ýollar şeýle bir tekiz,
Ne çukur bar, ne çarkandak, ne jaýryk.
Ýörite maşynlar ýapraga çenli
Syryp ýör ýörejek ýoluňdan aýryp.

Bu ýurtlarda ýollar şeýle bir tekiz,
Eliň aýasyna gaýra dur diýýär.
Ýerli ilat öz ýaşaýan diýaryn
Görkezme bilen däl – ýürekden söýýär!

Neneň buýsanmasyn, neneň söýmesin,
Tutuş ýurt dik durka oň hyzmatynda!
Guwanar-da gaýgy-gamy bolmasa,
Nogsanlyk görmese öz kysmatynda!

Gijä galman, alňasaman, kösenmän
Öz barjak ýerine eltse wagtynda,
Gara äýnek geýip ýurt patyşasy,
Gözun ýumup oturmasa tagtynda,

Dürli ulag sagat deýin işlese,
Del ýurt bilen ykbalyny çatana...
Mysapyr nägile onça ulagdan,
Hiç birisi äkitmese Watana...

***

Alty aýlyk jerime

Egni ak ýektaýly lukman nirede,
Zir-zibili dörmek hökman nirede?!

Okuwçymyň, mugallymmyň – parhy ýok,
Ýowar döwri dik durmasaň bolanok.

Ýaňy aýak biten çaga bolaý sen,
Saç-sakgaly gar dek aga bolaý sen,

Göze görnen gyz ýa gahryman ene,
Güýzde başlap, tomus öýe gel ýene.

Bir ýetginjek pil sapyna ýaplanyp,
Arzuwda gaýyp ýör, için gepledip:

“Ulalaýsam, eýeläýsem wezipe,
Belki, hojaýynlyk düşse nesibe.

Ähli işgärimi öwrüp dowara,
Mejbur edip, sürerdim men ýowara...”

Ýowar – hökman, alty aýlap geziber,
Gatnaşmasaň arzajygňy jazyber.

...Mugallym nirede, lukman nirede!
Zir-zibili dörmek hökman nirede?!
XS
SM
MD
LG