Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa dilleri we türkmen dili


Türki dilli halklaryň Ankarada 24-28-nji sentýabr günleri gurnalan halkara dil konferensiýasynyň pawiliony. Ankara, 24-nji sentýabr, 2012.

Türki dilli halklaryň Ankarada 24-28-nji sentýabr günleri gurnalan halkara dil konferensiýasynyň pawiliony. Ankara, 24-nji sentýabr, 2012.

26-njy sentýabrda Ýewropa Bileleşigi “Ýewropanyň diller güni” diýlen çäräni belläp geçdi. Entek beýle bir meşhurlyga eýe bolmadyk bu sene 2001-nji ýylda Ýewropa Geňeşi tarapyndan öňe sürülipdi hem ol Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gollanylypdy.

Aslynda, “ýewropa dilleri” diýilýäni örän giň manyny öz içine alýar. Ýöne Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň her biriniň öz resmi dili bar. Öz gezeginde Ýewropa Geňeşi ol resmi dilleriň her birini ykrar edýär.

Şol wagtyň özünde-de, “Ýewropanyň diller güni” diýlen çäräniň esasy maksady bu Bileleşige girýän döwletleriň raýatlarynyň öz ene dillerinden daşary azyndan bir ýa-da iki çet ýurt dilini bilmeklerini gazanmak hem olaryň dil öwrenmegini höweslendirmek bolup durýar.

Azatlyk Radiosy çet yurt dillerini öwrenmek meseleleri bilen baglanyşykly Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýaşaýan we türkmen medeniýetini ösdürmek ugrunda aktiw aş alyp barýan Ýusup Kor bilen söhbetdeş boldy. Ýusup Kor türkmenleriň Günbatarda hereket edýän medeni we syýasy ojagynyň Germaniýa bölüminiň müdiri hökmünde iş alyp barýar.

Ol ýewropa dilleriniň türkmen halkyna zeruryýeti hem täsiri barada gürrüň berdi. Şeýle hem, ol Günbatarda ýaşaýan türkmenleriň dil öwrenmek meselelerindäki käbir aýratynlyklar barada durup geçdi.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG