Sepleriň elýeterliligi

Wenesueladaky saýlaw kampaniýasynda iki sany aktiwist öldürildi


Wenesuelada 7-nji oktýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňýany, ýekşenbe güni oppozision partiýalaryň iki sany ýerli aktiwisti atylyp öldürildi.

“Ilkinji adalatlylyk” atly oppozsion partiýanyň resmileri bu iki aktiwistiň partiýanyň lideri Henrik Kaprilesiň kandidaturasyny goldap, saýlaw kampaniýasyny alyp barýarkalar ýurduň Barinas ştatynda näbelli ýaragly adamlar tarapyndan atylyp öldürilendigini aýdýarlar.

Wenesuelanyň oppozision partiýalaryndan 30-dan gowragy Henrik Kaprilesiň kandidaturasyny goldap çykyş edýärler.

Bu ýurda 1999-njy ýyldan bäri liderlik edip gelýän Hugo Çawez özünde rak keseliniň tapylandygyna-da garamazdan, özüni prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba aldyrtdy.
XS
SM
MD
LG