Sepleriň elýeterliligi

Yrak Eýranyň Siriýa barýan uçarlarynda barlag geçirmekçi


Ýekşenbe güni Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zebari Waşingtonyň beren duýduryşlaryndan soň, Yragyň üsti bilen Eýrandan Siriýa geçýän uçarlaryň barlagdan geçiriljekdigini aýtdy.

Hoşýar Zebary Yragyň üstünden geçýän bu uçarlardan käbirlerini ýere gonduryp, wagtal-wagtal olarda ýarag ýükleriniň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak üçin barlaglaryň geçiriljekdigini mälim etdi.

Soňky wagtlar Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýrandan Siriýa barýan uçarlaryň bu ýurda ýarag eltýän bolmagynyň mümkindigi barada alada bildirip gelýär.
XS
SM
MD
LG