Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Aleppo şäherindäki taryhy bazar weýran edildi


Habar agentlikleri Siriýanyň Aleppo şäherindäki gadymy söwda bazarynyň ýerleşýän kwartalynda hökümet güýçleri bilen oppozision güýçleriň arasynda aldym-berdimli söweşleriň barýandygyny habar berýärler.

Ýerli ýaşaýjylaryň düşüren wideo ýazgysynda Aleppo şäheriniň merkezinde ýerleşýän gadymy söwda bazarynyň dükanlarynyň ýanyp, küle öwrülendigini görmek bolýar.

Ýerli aktiwistler orta asyrlardan bäri saklanyp gelen bu bazarda azyndan 700 töweregi dükanyň weýran edilendigini aýdýarlar.

Alepponyň bu gadymy bölegi ÝUNESKO guramasy tarapyndan dünýäniň medeni we taryhy gymmatlyklarynyň sanawyna girizilipdi. ÝUNESKO Alepponyň gadymy bölegindäki bu söwda bazarynyň weýran edilmegini tragediýa diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG