Sepleriň elýeterliligi

Owgan esgerleriniň atan okundan bir amerikan esgeri öldi


Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň resmileri Owganystanyň harbylarynyň eden hüjüminde nobatdaky bir amerikan esgeriniň ölendigini mälim etdiler.

Şeýlelikde, bu amerikan esgeriniň ölümi soňky 11 ýylyň dowamynda Owganystanda alnyp barylýan harby operasiýalaryň barşynda ölen amerikan harbylarynyň umumy sanyny 2 müňe ýetirdi.

ABŞ-nyň resmileriniň maglumatyna görä, bu soňky hüjüm şenbe güni Owganystanyň Wardak welaýatynda ýerli owgan harbylary tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Bu wakada ýüze çykan özara atyşyklarda owgan esgerlerinden hem azyndan ikisiniň we bir daşary ýurtly işgäriň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG