Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Birleşen Ştatlaryň kabul eden kararyny ýazgardy


Ýekşenbe güni Eýranyň hökümeti Eýranyň bosgunlykdaky oppozision “Halk mujaheddinleri” toparyny Waşingtonyň terror guramalarynyň sanawyndan aýyrmagyny ýazgardy.

Eýranyň Daşary işler ministrligi öz beýanatynda Waşingtonyň bu ädimini Amerikanyň öz kanunçylygyny hem-de onuň boýun alan halkara borçnamalaryny bozmasy hökmünde häsiýetlendiripdir.

Şu geçen anna güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Eýranyň oppozision “Halk mujaheddinleri” toparyny terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak baradaky karara gol çekdi.

Ol munuň sebäbini bu toparyň häzirki wagt zorlukly çäreleri açyk inkär edýändigi hem-de soňky on ýyldan gowrak wagt bäri bu topara degişli terrorçylykly işleriň hasaba alynmandygy bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG