Sepleriň elýeterliligi

2018-nji ýylda futbol boýunça dünýä ýaryşy Orsýetde geçiriler


Şenbe güni Halkara Futbol Federasiýasy 2018-nji ýylda futbol boýunça dünýä ýaryşyny Orsýetde geçirmek barada karara geldi.

Bu gelnen karar bilen bagly ýekşenbe güni eden çykyşynda Halkara Futbol Federasiýasynyň prezidenti Sepp Blatter bu dünýä ýaryşyna taýýarlyk görmekde Orsýetiň göz öňünde tutulýan plandan bir ýyl öňde barýandygyny aýtdy.

Halkara Futbol Federasiýasynyň Orsýet bilen bilelikde gelen ylalaşygyna laýyklykda, 2018-nji ýylda futbol boýunça dünýä oýunlary Orsýetiň 11 şäherinde geçiriler.

Orsýetiň sport ministri Witaliý Mutko bu dünýä çempionatyny gurnamak üçin zerur bolan 600 milliard rubl (19.23 milliard dollar) puluň ýarsynyň döwlet býujetinden, beýleki ýarsynyň bolsa hususy inwestisiýalardan geljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG