Sepleriň elýeterliligi

Owgan harbylarynyň okundan ölýänleriň sany artýar


Owganystanyň Milli Armiýasynyň esgerleri Kandagar welaýatynyň Panjwaý etrabynda howpsuzlyk gözegçiligini alyp barýarlar. Kandagar, maý, 2012.

Owganystanyň Milli Armiýasynyň esgerleri Kandagar welaýatynyň Panjwaý etrabynda howpsuzlyk gözegçiligini alyp barýarlar. Kandagar, maý, 2012.

Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň resmileri Owganystanyň harbylarynyň eden hüjüminde nobatdaky bir amerikan esgeriniň ölendigini mälim etdiler.

Şeýlelikde, bu amerikan esgeriniň ölümi soňky 11 ýylyň dowamynda Owganystanda alnyp barylýan harby operasiýalaryň barşynda ölen amerikan harbylarynyň umumy sanyny 2 müňe ýetirdi.

ABŞ-nyň bir resmisiniň tassyklamagyna görä, bu soňky hüjüm şenbe güni Owganystanyň Wardak welaýatynda amala aşyrylypdyr.

Ýekşenbe güni irden Owganystandaky howpsuzlyk boýunça halkara ýardam güýçleriniň komanduýuşisi general-leýtenant Adrian Bradşaw Kabulda žurnalistlere beren interwýusynda NATO-nyň bir esgeri bilen daşary ýurtly bir işgäriň-de ölendigini tassyklady.

“Örän gynansak-da, Owganystanyň Milli Armiýasynyň üç sany işgäri bilen birlikde, halkara ýardam güýçleriniň bir esgeri hem-de bu güýçlerde kontrakt boýunça işleýän bir raýat işgäri öldürildi” diýip, general-leýtenant Adrian Bradşaw mälim etdi.

Emma ol bu bolan wakanyň jikme-jikligi barada hiç hili maglumat bermedi. Ol diňe bu waka boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny aýtmak bilen çäklendi.

Wakanyň käbir anyk taraplary

Wakanyň ýüz beren ýeri bolan Wardak welaýatynyň administrasiýasynyň metbugat sekretary Şahidullah Şahid bu atyşyklaryň özara düşünişmezlikler sebäpli ýüze çykan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýandygyny aýtdy. Ýöne ol bu wakada ölen we ýaralanan adamlaryň anyk sanynyň henizem gutarnykly belli däldigini mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, owgan harbylary bilen amerikan harbylarynyň arasyndaky özara atyşyklar Wardak welaýatynyň Sýedabad etrabyndaky owgan güýçlerine degişli bir barlag punktunda, Owgan-Amerikan harby bazasynyň golaýynda ýüze çykypdyr.

Şeýlelikde, şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda ýerli owgan harbylarynyň we polisiýa işgärleriniň atan oklaryndan NATO-nyň azyndan 52 harbysy heläk boldy.

Mundan iki hepde ozal Owganystandaky howpsuzlyk boýunça halkara ýardam güýçleri şular ýaly wakalaryň ýygjamlaşmagy sebäpli owgan harbylary bilen alyp barýan bilelikdäki operasiýalarynyň sanyny görnetin azaltdy.

Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Leon Panetta geçen hepdäniň penşenbe güni bu mesele barada eden çykyşynda şu günki gün Owganystandaky NATO-nyň düzümine girýän ähli daşary ýurt harby toparlarynyň owgan harbylary bilen alyp barýan operasiýalaryna täzeden garaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG