Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan protestant dinçini ýurtdan çykarmady


Protestantlaryň dini ybadaty
Protestantlaryň dini ybadaty

Asly Türkmenistanly protestant Oleg Piýaşew Orsýete gitmekçi bolanda Türkmenistandan goýberilmändir. Habar berlişine görä, Piýaşew maşgalasy bilen Orsýetde ýaşaýar.

Protestant Piýaşewiň 23-nji sentýabrda Aşgabadyň halkara aeroportunda Türkmenistandan Orsýete çykarylmanlygy habar berilýär.
Piýaşew Türkmenistanyň we Orsyýetiň raýaty.

Türkmenistandan çykyp bilmedik Piýaşew Orsýet Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutupdyr.

Ilçihananyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, orsýet ilçihanasy Piýaşewiň “uçar reýsinden düşürilmeginiň sebäplerini” anyklamak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüzlendi.

Ilçihananyň metbugat wekili Alekseý Musiniň sözlerine görä, häzir Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen tarapynyň resmi jogabyna garaşýar.

Düýbi Norwegiýada ýerleşýän “Forum 18” täzelikler agentligi Oleg Piýaşewiň ýakynda Daşoguz şäherinde dini duşuşyk geçirenligi sebäpli jerime berilen üç sany protestant dindaryň biridigini habar berýär.

“Forum 18” agentligi protestant dinçiniň Türkmenistandan goýberilmänliginiň sebäbiniň kesgitsiz görünýänligini aýdýar. Agentligiň baş redaktory Feliks Korli türkmenistnly protestantlara salgylanyp, jerime tölemeli edilen protestantlaryň, şol sanda Piýaşewiň 750 manat ýagny 260 dollar mukdarda jerimäni tölänligini Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Feliks Korliniň sözlerine görä, Protestant kelisasy Türkmenistanda resmi hasaba alynan dini toparlaryň biri.

Dini guramalara basyş

Maglumatda ýakynda Daşoguzda dini guramalar bilen baglanyşykly ýene bir wakanyň bolanlygy aýdylýar. Habar berlişine görä, polisiýa we ýerli häkimiýetler baptist dinçiniň öýüne baryp, 77 ýaşly baptist Begjan Şirmedowy tussag we sorag edipdir. Resmileriň Şirmedowyň aýalyny urup, beýleki dinçilere jezalandyrmak haýbatyny atandyklaryny “Forum 18” belleýär.

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Alekseý Musiniň sözlerine görä, Oleg Piýaşew Türkmenistanyň giňişliginde bolan wagty “kanunlar we goşa raýatlar boýunça tükmen-ors ylalaşyklary esasynda doly türkmen tarapynyň garamagynda bolýar”.

Iki hepde mundan öň Türkmenistandaky “Hare Krişna” dini guramasynyň bir agasy Aşgabadyň halkara aeroportunda daşary ýurda goýberilmändi. Munuň öňüsyrasynda dinçi Azatlyk Radiosyna interwýu beripdi. “Hare Krişna” topary Türkmenistanda resmi hasaba alynan dini gurama.
XS
SM
MD
LG