Sepleriň elýeterliligi

Sud “Pussy Riot” toparynyň şikaýatyna garamagy yza çekýär


"Pussy Riot" pank aýdymçy toparynyň agzalary (Ç-S) Maria Alýohina, Ýekaterina Samutsewiç we Nadežda Tolokonnikowa sud diňlenşiginden öň aýnaly gabawda, Moskwa, 1-nji oktýabr, 2012

"Pussy Riot" pank aýdymçy toparynyň agzalary (Ç-S) Maria Alýohina, Ýekaterina Samutsewiç we Nadežda Tolokonnikowa sud diňlenşiginden öň aýnaly gabawda, Moskwa, 1-nji oktýabr, 2012

Duşenbe güni Moskwanyň şäher sudy “Pussy Riot” pank aýdymçylar toparynyň üç agzasynyň şikaýaty boýunça diňlenşige ýygnandy we ony 10-njy oktýabra çenli yza çekmek barada karara gelinendigini yglan etdi.

Awgust aýynda bu topardan üç gyz dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda aýyplanyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Olar Wladimir Putine garşy Moskwanyň prawoslaw ybadathanasynyň öňünde aýdym aýdypdylar.

Başlyklyk eden sudýa Larisa Polýakowa höküm edilen üç gyzyň biri Ýekaterine Samutsewiç öz aklawjylaryndan ýüz öwrendigini aýdanyndan soň, diňlenişigi yza çekdirdi.

Polýakowa diňlenişigiň 10-njy oktýabrda geçiriljekdigini yglan etdi.

Polýakowa: “Sudýalar diňlenişigiň 10-njy oktýabrda ir sagat 11-de suduň häzirki jaýynda geçiriljekdigi barada karara geldiler. Kanunda görkezilişi ýaly (Ýekaterina) Samutsewiç täze aklawjy tutunmaly. Täze aklawjy öz wezipelerini kabul etmek üçin indiki diňlenşige çenli bu iş bilen tanyşmaly bolar”.

Sudýalar bu ýagdaýyň diňlenşigiň yza çekilmegi üçin ulanylýan usuldygyny aýtdylar.

22 ýaşly Nadežda Tolokonnikowa, 24 ýaşly Maria Alýohina we 30 ýaşly Samutsewiç mart aýynda Moskwanyň baş kelisesinde aýdym aýdyp, tans edendikleri we Orsýeti Putinden halas etmegi sorap pank dogasyny okandyklary üçin tussag edildiler.

Mundan soň Wladimir Putin üçünji möhlete prezident saýlanypdy.

Ybadathananyň öňünde aýdym-saz eden bu gyzlar awgust aýynda geçirilen sudda rus prawoslaw kelisesiniň Putini goldaýandygyna protest bildirendiklerini we dindarlaryň göwnüne degmek meýilleriniň bolmandygyny aýtdylar.

Toba etmeklige çagyrylýar

Ýekşenbe güni rus prawoslaw kelisesi bu üç gyzy suduň rehimini gazanmak üçin toba etmeklerine çagyrdy.

Kelisäniň bu barada ýaýradan beýanatynda eger-de gyzlar “eden etmişlerine puşman edip, toba etseler”, olaryň sözleri “ünsden geçmez” diýilýär.

Bu gyzlaryň garşysyna höküm çykarylmagy halkara jemgyetçiliginiň arasynda aladalary döretdi.

Duşenbe güni berk howpsuzlyk güýçleriniň ýerleşdirilmegine garamazdan suduň jaýynyň daşynda bu aýdym-saz toparynyň tarapdarlarynyň onlarçasy gyzlara raýdaşlyk bildirip, ýörüşe çykdylar.

Kremliň tarapdary “Naşi “ atly ýaşlar toparynyň “komissary” Konstantin Goloskokow “Pussy Riot” toparynyň beýleki agzalarynyň ýerleşýän ýerleri barada maglumat üçin golaýda 50 müň rubl ($18 müň) baýrak yglan etdi we “Naşi” guramasynyň agzalarynyň bu baýragy köpeltmek üçin internetiň üsti bilen pul ýygnaýandyklaryny aýtdy.

Ýewropa parlamenti “Pussy Riot” toparynyň tussaglykdaky agzalaryny Sowet dissidenti Andreý Saharowyň adyny göterýän adam hukuklary boýunça meşhur baýraga hödürledi. Ýewropa Parlamentiniň bu hereketi Moskwada tankydyň döremegine getirdi.
XS
SM
MD
LG