Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow (Ç) bilen Özbegistanyň prezidenti Y. Kerimow. Daşkent, 5-nji maý 2011.

Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow (Ç) bilen Özbegistanyň prezidenti Y. Kerimow. Daşkent, 5-nji maý 2011.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň Türkmenistana sapary iki döwletiň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 20 ýyl dolmagynyň öňüsyrasynda amala aşyrylýar.

Türkmen metbugaty iki ýurduň arasyndaky konstruktiw, işjeň gatnaşyklaryň soňky ýyllarda has berkändigini we döwletara gatnaşyklarynyň yzygider we maksadalaýyk häsiýete eýe bolandygyny ýazýar.

Merkezi Aziýanyň suw problemasy

Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugy bu saparda özbek hem türkmen prezidentleriniň regional we halkara meseleler barada maslahat etjekdigini habar berýär.

Kerimowyň Türkmenistana sapary özbek lideriniň gündogar goňşulary Gyrgyzystan bilen Täjigistany suw elektrik stansiýalary baradaky proýektleri goýbolsun etmäge yrmak üçin goldaw agtarýan wagtyna gabat geldi.

Özbek häkimiýetleri bu proýektleriň Özbegistandaky, Gazagystandaky we Türkmenistandaky ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetirjekdigini aýdýarlar.

Kerimow geçen aýyň başynda şeýleräk bir haýyşy Gazagystandan hem edipdi, ýöne gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewden o diýen goldaw tapmandy.

Sebitiň suw meselesi Türkmenistany hem alada goýýana çalym edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji sentbýarda geçiren hökümet maslahatynda Balkan welaýatyndaky Maşady-Misserian düzlüginiň ekerançylyk taryhyna ýüzlenip, suwy tygşytly we netijeli ulanmak meselesine ýene bir gezek ünsi çekdi.

Şeýle-de ol Hazaryň kenarynda birnäçe suw süýjediji desgany gurmak meselesini orta atdy.

Çözgüt regional hyzmatdaşlykda

Aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan we Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyny garaşsyzlyk ýyllarynda Merkezi Aziýa respublikalarynyň bir-birek bilen düşünişmek, bir-biregi goldamak meselesinde gazanan uly üstünligi hasaplaýar.

Ol Özbegistanyň prezidenti Y. Kerimowyň Türkmenistana saparynyň dowamynda, beýleki wajyp meseleler bilen bir hatarda, sebitiň suw problemasy barada hem maslahat ediljegini çaklaýar.

Ýöne Bugaýew suw meselesiniň çözgüdiniň diňe özbek-türkmen gatnaşyklarynyň gowulanmagyna bagly däldigini, eýsem sebitiň ýolbaşçylarynyň bu meselede bir karara gelip bilmegine baglydygyny öňe sürýär.

“Döwlet derejesinde bir regional programma kabul edilse, şol regional programma-da amala aşyrylsa, dawa-da bolmaz, jenjelem” diýip, Bugaýew Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

Synçylar türkmen-özbek gatanşyklarynyň öňki prezident S.Nyýazowyň ölüminden soň görnetin gowulaşandygyny aýdýarlar. Olar iki ýurduň arasyndaky baryş-geliş gatnaşyklarynyň ýeňilleşdirilmegini, söwdanyň we medeni hyzmatdaşlygyň giňemegini muňa delil edip görkezýärler.

Özbegistanyň prezidenti Y. Kerimow Türkmenistana 2007-nji ýylyň oktýabrynda, 2009-njy ýylyň dekabrynda we 2010-njy ýylyň oktýabrynda hem sapar edipdi.

Türkmen-özbek gatnaşyklary 2002-nji ýylyň noýabr wakalaryndan soň, ýagny türkmen häkimiýetleri Özbegistany prezident Nyýazowyň garşysyna guraldy diýilýän kast ediş synanyşygyny goldamakda aýyplanlaryndan soňra ýaramazlaşypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG