Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda parlament saýlawlary geçirilýär


Gürjüstanda geçýän parlament saýlawlary, 1-nji oktýabr, 2012.

Gürjüstanda geçýän parlament saýlawlary, 1-nji oktýabr, 2012.

Duşenbe güni Gürjüstanyň raýatlary ýurduň syýasy ugruny kesgitlejek parlament saýlawlarynda ses berýärler. Resmiler ir ertir Tbiliside saýlawlara gatnaşygyň ýokary bolandygyny aýdýarlar. Tbilisi şäherinde ýurduň ses bermäge hukukly 3 million 600 müň ilatynyň bir milliona golaýy ýaşaýar.

Merkezi saýlaw komissiýasy günüň ilkinji dört sagadynyň dowamynda saýlawlarda ses berenleriň 25 prosentden geçendigini yglan etdi.

Gürjüstanda geçirilýän bu saýlawlar aýgytlaýjy hasaplanýar, çünki bu ses berişlikde ýurduň syýasy sistemasy üýtgedilýär. Täze sistema görä, ýurduň parlamentine we premýer-ministrine has uly ygtyýarlyk beriler.

Parlamentdäki 150 orny eýelemek üçin 14 sany syýasy partiýa we iki blok bäsleşýär.

Prezident Mihail Saakaşwiliniň häkimiýet başyndaky “Birleşen milli hereketi” 2003-nji ýyldaky “Bägül rewolýusiýasyndan” bäri ýurtda agdaklyk edip geldi. Emma häzir bu hereket milliorder tütjar Bidzina Iwanişwiliniň ýolbaşçylygyndaky kaolisaýa bilen ýüzbe ýüz bolýar.

Synçylar bäsdeşligiň netijesini çaklamak üçin ýakyn gelinendigini aýdýarlar.

Duşenbe güni Saakaşwili Tbiliside ses berdi we “Gürjüstan döwletiniň ykbaly çözülýär” diýip, ses berişlikden soň aýtdy.

Saakaşwili: “Hut şu wagt biziň ýurdumyzda regiona täsir etjek köp zatlar çözülýär, diňe bu ýurt üçin bolman, eýsem Ýewropanyň bu sebitdäki arzuwynyň geljegi, bu sebitdäki demokratiýa baradaky ideýanyň ykbaly, sebitdäki reformanyň ösüşi belli bolýar”.

Bäsdeş toparlaryň göreşi

Saakaşwili Iwanişwilini Kremliň bähbitlerine gulluk edýänlikde aýyplady.

Orsýetde maddy hal-ýagdaýa eýe bolan Iwanişwili Gürjüstany Orsýetiň gol astyna getirer diýen özüne bildirilen aýyplamany ret edýär.

Iwanişwili: “Biziň toparymyza ynam bildirip bilersiňiz. Biz häkimiýete eýe bolup, ony hälkyň bähbidi üçin ulanyp biljek topardyrys. Biz saýlawlarda ýeňmelidiris”.

Oppozisiýa Saakaşwilini ýurdy awtoritar ýol bilen dolandyrýanlykda we ony 2008-nji ýylda Orsýet bilen urşa eltendikde aýyplaýar.

Saýlawlaryň öň ýanynda Gürjüstanyň türmelerinde polisiýanyň gynamalara we zorluklara ýol bermeklerine garşy köpçülikleýin protest çykyşlary boldy.

ÝHHG-niň synçylary saýlaw kampaniýasyna “garşylykly we gödek” diýip baha berdiler.

Parlamentdäki 150 ornuň 77-sini partiýa agzalary tarapyndan saýlanan syýsatçylar eýelär, galan 73 orun bolsa bäsdeşlik esasda saýlanar.

Partiýanyň sanawy boýunça geçirilýän ses berişlikde parlamentde wekilçilik etmek üçin partiýa azyndan 5 prosent ses almaly, blok bolsa azyndan 7 prosent gazanmaly.

Gürjüstanyň kanunyna laýyklykda, saýlawçylaryň näçe mukdarda gatnaşygyna garamazdan saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edilýär.
XS
SM
MD
LG