Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda parlament saýlawlary geçirilýär


Hepdäniň duşenbe Gürjüstanyň ilaty ýurduň täze partlamentini saýlaýar.

Prezident Mihail Saakaşwiliniň “Birleşen milli hereketi” täze palamentdäki orunlara eýe bolmak üçin milliorder syýasatçy Bidzina Iwanişwiliniň “Gürji arzuwy” atly koalision topary bilen bäsdeş bolýar. Häzirki parlamente 150 orundan 80 orun Mihail Saakaşwiliniň syýasy bileleşigine degişli.

Saakaşwiliniň garşydaşlary ony häkimiýeti öz gözegçiliginde saklamakda aýyplaýarlar we 2008-nji ýylda 4,4 million ilatly Gürjüstany Orsyýet bilen weýrançylykly uruşa eltmekde ýazgarýarlar.

Saakaşwili hepdäniň şenbe güni ses berijilere ýüzlenip olary emosiýa däl-de akyl-paýhasa esalanyp ses bermäge çagyrdy. Saýlawlar parlamentiň we premýer ministriň ygtyýarlyklaryny artdyran täze sistemanyň girizilmegine gabat gelýär.

Ses berişligiň öňüsyrasynda polisiýanyň türmelerdäki rehimsizligine garşy köpçülikleýin protestler geçirildi.
XS
SM
MD
LG