Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana sapar edýär


Duşenbe güni Yslam Karimowyň Türkmenistana iki günlük sapary başlanýar. Özbek prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Aşgabatdaky gepleşiklerde regional we halkara meseleler boýunça hyzmatdaşlyk maslahat ediler.

Karimowyň bu sapary onuň goňşy Täjigistany we Gyrgyzystany gidroelektrostansiýalary gurmazlyga ündemek üçin goldaw gözleýän wagtyna gabat geldi. Daşkent bu proýektleriň Özbegistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň ekin giňişliklerine zyýan ýetirjegini aýdýar.

Şu aýyň başynda Karimov bu mesele boýunça Gazagystana ýüzlenipdi, emma prezident Nursoltan Nazarbaýewden goldaw tapmandy.

Türkmen-özbek gatnaşyklary Saparmyrat Niýazowyň prezidentlik döwründe, aýratynam 2002-nji ýylda türkmen häkimiýetleri Özbegistany Niýazowyň janyna kast etmek boýunça dildüwüşikligi goldamakda aýyplansoň, ýaramazlaşypdy. Ýurtlaryň aragatnaşyklary 2006-njy ýylda Berdimuhammedow häkimiýet başyna geçensoň gowulandy.
XS
SM
MD
LG