Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde "Pussy Riot" pank toparynyň işi boýunça sud diňlenişigi yza tesdirildi


Moskwanyň şäher sudy huligançylykda aýyplanan "Pussy Riot" pank toparynyň agzalaryna çykarylan höküm barada aklawçylaryň şikaýaty boýunça şu gün diňlenişik geçirdi, emma soň ony 10-njy oktýabra çenli yza tesdirdi.

Bu pank toparynyň üç agzasy şu ýylyň awgust aýynda, dine bolan ýigrenje esaslanan huligançylykda günälenip, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Olar Moskwanyň baş kelisasynda Wladimir Putine garşy protestli aýdym aýdypdy.

Şu günki sud diňlenişigi zenanlaryň biri Ýekaterina Samusewiç öz aklawçylarynyň hyzmatyndan ýüz öwürensoň, yza tesdirildi. Munuň öňüsyrasynda ýekşenbe güni Orsýetiň Prawoslaw kelisasy bu aýallary toba etmäge ündäpdi.
XS
SM
MD
LG