Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda bomba partlamasynda NATO-nyň üç harbysy wepat boldy


NATO-nyň we owgan resmileriniň aýtmaklaryna görä, hepdäniň duşenbe güni Owganystanyň günbatarynda janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan bomba partlmasynda azyndan 14 adam, şol sanda NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky ýardam beriji güýçleriň üç agzasy we owgan polisiýasynyň dört wekili wepat bolupdyr.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, parahat ýaşaýjylardan alty adam wepat bolupdyr we ýene ençemesi ýaralanypdyr.

Talybanyň metbugat wekili bu partlamalaryň jogapkärçiligini guramanyň üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG