Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Aktiwistler tussaglykdaky ölümleriň sebäplerini derňemegi talap edýärler


Hepdäniň duşenbe güni Täjigistanyň hukuk goraýjy guramalary ýakynda türmede ýogalan tussagyň ölüminiň sebäplerini düýpli derňemegi talap etdiler.

Sentýabryň ortalarynda Duşenbäniň tussaghanasynda ýogalan Hamza Ikromzodanyň garyndaşlary onuň bedeninde gynamalaryň yzlarynyň bolandygyny, şol sanda gyzgyn ütügiň yzynyň galandygyny habar berdiler. Ikromzodanyň garyndaşlary duşenbe güni Baş prokuratura ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň wakany derňemek boýunça ýazan talap hatyny gowşurdylar. By hatda türmede ýogalan ýene alty adamyň ady görkezildi.

Ýurduň jenaýat kodeksine girizilen ýakynky üýtgetmelere görä, gynamalar üçin 15 ýyl tussaglyk möhleti göz öňünde tutulýar. Emma 2012-nji ýylyň mart aýynda jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizileli bäri, gynamalara baş goşan diňe bir polisiýa işgäri jezalandyryldy.
XS
SM
MD
LG