Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: AI ýaş aktiwisti boşatmaga çagyrýar


Halkara günä geçiş guramasy Azerbaýjany ýaş aktiwisti azat etmäge çagyrdy. Zaur Gurbanly şenbe güni Bakuwda ýörite gulluklar tarapyndan tussag edildi.

Gurbanly “Nida” atly ýaşlar oppozisiýa hereketiniň egindeş başlygydyr, bu hereket demokratiýa we adam hukuklary ugrunda göreşýär. Gurbanly şu ýylda geçirilen Eurovision bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Lorini Azerbaýjandaky hukuk bozmalary ýazgarmaga yran “Demokratiýa üçin aýdym aýt” atly kompaniýa bilen ilteşikli.

Içeri işler ministrliginiň resmisi Azatlyk Radiosynyň azeri gullugyna Gurbanlynyň bikanun neşe söwdasy bilen ilteşiklilikde güman edilýändigini, onuň tussag edilmegine garşylyk görkezendigini we edarasy dökülende “bikanun dokumentleriň we zatlaryň” tapylandygyny aýtdy.

Halkara günä geçiş guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Jon Dalhuýsen azerbaýjanly oppozision aktiwistleriň polisiýa garşylyk görkezdi bahanasy bilen tussag edilmeginiň ýoň bolandygyny, munuň häkimiýetlere oppozisiýa garşy jenaýat işini toslamak üçin 15 gün wagt berýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG