Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Kinoçyny öldürene täze baýrak hödürlenýär


Pakistanyň parlamentiniň öňki agzasy yslama garşy film döreden kinoçyny öldürene 200 müň dollar baýrak berjegini aýtdy.

Bu wideo dünýä musulmanlarynyň bir toparyny gazaba çykarypdy. Ikramullah Şahid bu teklibi duşenbe güni, Reşawar şäherinde toplanan 15 müň çemesi adamyň öňünde etdi.

Bu ýygnanyşyga radikal yslam we jeňçi toparlaryny goldaýan «Difa-e-Pakistan» geňeşi ýolbaşçylyk etdi.

Demirýol ministri Gulam Ahmed Bilour biraz öň Birleşen Ştatlarda Muhammet pygambere şek ýetirýän filmi döreden kinoçyny öldüren adama 100 müň dollar berjegini aýdypdy. Pakistanda bu film bilen bagly geçirilen protestlerde azyndan 23 adam öldi.
XS
SM
MD
LG