Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Gullukdaşlaryny öldürmekde gümanlanýan serhetçä günä bildirildi


Duşenbe güni gazak-hytaý serhetinde öz gullukdaşlaryny öldürmekde gümanlanýan serhetçi esger Wladislaw Çelaha günä bildirildi.

Çelahyň aklawçysy Tulegen Berlikožanow öz müşderisiniň, beýleki günäler bilen birlikde, ýarag alyp gaçmakda, gulluk ýerini bikanun terk etmekde we döwlet syrlaryny ogurlamakda aýyplanandygyny aýtdy. Aklawçy bu aýyplamalaryň esassyzdygyny aýdýar.

Sud diňlenişiginiň noýabrda başlanmagyna garaşylýar. 28-nji maýda Almaty welaýatynyň Arkankergen serhet berkitmesinde 14 sany serhetçi esger we tokaý goragçysy öldürilip, olaryň jesedi ýakylypdy.

Serhet berkitmesiniň 15-nji esgeri bolan Çelah ertesi diri tapyldy. Aýdylmagyna görä, ol ilki özüniň adam öldürendigini boýun alypdyr, ýöne soň bu görkezmesinden dänipdir.
XS
SM
MD
LG