Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Ahmadinejadyň kameraçysy ABŞ-dan gaçybatalga soraýar


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad bilen onuň Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşyny surata düşürmäge gelen kameraçynyň aklawçysy öz müşderisiniň Eýrandan gaçandygyny aýtdy.

Hasan Gol Kanbana wekilçilik edýän nýu-ýorkly aklawçy Pol O'Dwyer öz müşderisiniň Birleşen Ştatlardan gaçybatalga sorandygyny tassyk etdi.

Ol Kanbanyň aýalydyr çagalarynyň hem Eýrandan gaçandygyny, ýöne olaryň nirededigini aýdyp bilmeýändigini aýtdy.

Ahmadinejat geçen çarşenbede Baş Assambelýada söz sözläpdi.
XS
SM
MD
LG