Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukraina: Žurnalistler parlamentiň öňünde täze kanuna garşylyk bildirdiler


100 çemesi ukrain žurnalisti we aktiwisti duşenbe güni Kiýewde parlament binasynyň öňünde protest geçirdi.

Olar töhmeti jenaýat hökmünde kanunlaşdyrýan taslama garşy çykýarlar.

Bu kanun taslamasy dolandyryjy partiýa tarapyndan goldanylýar we günäli tapylanlara 5 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini talap edýär.

Parlament geçen aý bu taslamany ilkinji okaýyşda tassyk etdi. Ýöne oppozisiýa we garaşsyz metbugat ony oktýabryň 28-inde geçjek parlament saýlawlaryndan öň söz azatlygynyň basylyp ýatyrylmagynyň bir bölegi hökmünde ýazgarandan soň, taslama biraz soňa goýlupdy.

Protestçiler duşenbe güni senzura baradaky aladalaryny beýan edip, “Adamlar hökümet hakda näme pikir etse – töhmet” diýen ýazgyly plakatlary galdyrdylar.
XS
SM
MD
LG