Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Saakaşwili ýeňilendigini boýun aldy


Gürjüstan: prezident Mihail Saakaşwili (çepde) we oppozisiýa lideri Bidzina Iwanişwili (sagda)

Gürjüstan: prezident Mihail Saakaşwili (çepde) we oppozisiýa lideri Bidzina Iwanişwili (sagda)

Gürjüstanyň Merkezi saýlaw komissiýasy duşenbe günki parlament saýlawlarynyň netijelerine görä, prezident Mihail Saakaşwiliniň garşydaşlarynyň öňe saýlanandygyny aýtdy. Parlamentiň öňki düzüminde Mihail Saakaşwiliniň “Birleşen milli hereketiniň” agzalary köplükdi.

Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili häkimiýet başyndaky “Birleşen milli hereketiniň” duşenbe günki parlament saýlawlarynda ýeňilendigini aýtdy we garşydaşlarynyň täze hökümeti düzmäge haklydygyny belledi.

Saakaşwili özüniň prezident hökmünde täze parlamentiň işläp başlamagyna, spikeriň saýlanmagyna we hökümetiň düzülmegine konstitusiýanyň çäginde ýardam berjegini aýtdy. Geçen ýylda güýje giren konstitusional reformalar parlamentiň we hökümet baştutanynyň ygtyýarlyklaryny güýçlendirýär.

Syýasy bäsdeşlik

Merkezi saýlaw komissiýasy düşenbe günki parlament saýlawlarynda milliarder Bidzina Iwanişwiliniň “Gürji arzuwy atly” syýasy toparynyň partiýa sanawlary boýunça ses berişlikde öňe saýlanandygyny aýtdy.

Ilkinji netijelere görä, “Gürji arzuwynyň” sesleriň 53 %-tini toplandygy, häkimiýet başyndaky “Birleşen milli hereketiň” 41% gazanandygy habar berilipdi.

150 orunlyk parlamentdäki orunlaryň 77-si partiýa sanawlary esasynda düzülýär. Galan 73 orun göni ses berişlik esasynda saýlanýar.

Duşenbe günki saýlawlaryň 2003-nji ýylda häkimiýet başyna gelen Mihail Saakaşwiliniň hökümeti üçin iň agyr synaglaryň biri bolandygy hasaplanýar.

Saakaşwili sişenbe güni irden eden çykyşynda partiýa sanawlary boýunça ses berişlikde oppozisiýanyň öňde barýandygyny boýun alypdy, emma ol öz partiýasynyň göni ses berişlikde öňe çykjagyny çak edipdi.

Saakaşwili Gürjüstanyň prezidentlik wezipesine 2003-nji ýylda gandöküşikli bägül rewolýusiýasy netijesinde gelipdi. Onuň prezidentlik mandaty 2013-nji ýylda tamamlanýar.

Ýurduň syýasy ugry

Ol Gürjüstany Orsýetden daşlaşdyryp, Günbatara tarap öwrüpdi.

Saakaşwili Iwanişwiliniň Gürjüstany ýene-de Moskwanyň täsirine düşürjekdigini aýdýar.

Iwanişwili muny ret edýär, emma Orsýet bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmakçydygyny aýdýar. Ýurtlaryň aragatnaşyklary 2008-nji ýylda Gürjüstanyň separatistik regionlarynyň üstünde bolan gysga wagtlyk uruşdan soň has ýaramazlaşypdy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň beýannamasynda, Gürjüstanyň "demokratik saýlawlary geçirmek ugurynda möhüm ädim ädendigi" bellendi, emma “esasy meseleleriň ýene ençemesiniň çözülmelidigi” aýdyldy.

Halkara gözegçileri missiýasynyň ýolbaşçysy Tonino Picula “gapmagarşylykly kampaniýa” garamazdan, gürjüstanlylaryň “öz erk-isleglerini erkin beýan edendiklerini” belledi.

Sişenbe güni Saakaşwili “Birleşen milli hereketi” atly partiýasynyň oppozisiýa geçýändigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG