Sepleriň elýeterliligi

Azerbeýjan: Hökümeti tankyt eden bloger tussag edildi


tualet

tualet

Azerbeýjanda prezident Ylham Aliýewi we onuň maşgalasyny tankyt eden ýaş aktiwist bloger tussag edildi. Muňa näme sebäp boldy?

Zaur Kurbanli Azerbeýjanyň häkimiýetleri bilen kynçylyga uçran nobatdaky bloger boldy.

Kurbanli ençeme wagtlap azeri häkimiýetlerini tankyt edipdi. Soňky aýlaryň dowamynda 25 ýaşly aktiwistiň işi has-da köp bolupdy.

Zaur Kurbanli şu ýylyň maý aýynda Azerbeýjanda geçirilen “Ýewrowideniýe” halkara aýdym ýaryşynyň dowamynda ýurtda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken “Demokratiýanyň şanyna aýdym aýdyň” diýen kampaniýa gatnaşypdy. Şwesiýaly pop-aýdymçy Loreeniň Azerbeýjanda ynsan hukuklarynyň depelenmegini köpçüligiň öňünde ýazgarmagy aktiwistleriň gazanan üstünlikleriniň biri bolupdy.

Syýasy aktiwlik

Kurbanli öz bloglarynda bilim pudagyna jogapkär resmileri tankytlapdy, şol sanda prezident Aliýewiň uly gyzy Leýlanyň goşgusynyň orta mekdepleriň okuw programmasyna girizilmegini ýazgarypdy. Leýlanyň bu goşgusy onuň babasyna Azerbeýjanyň birinji prezidenti Geýdar Aliýewe bagyşlanypdy.

“Bu, diktator Ylham Aliýewiň gyzynyň poeziýasydyr. Görüň biz nirelere baryp ýetdik. Bu biziň çagalarymyzy zäherlemegiň bir usulydyr”, diýip Kurbanli öz blogynda ýazypdy.
Kurbanli azerbeýjan halkyny indiki prezidentlik saýlawlarynda Aliýewi saýlamazlyga çagyrýan listowka çagyryşlary taýýarlamak boýunça kampaniýanyň guramaçylygyna gatnaşdy.

Azerbeýjanyň hökümetiniň bu zatlary tutaryk edinen bolmagyna meňzeýär.

Tutha-tutluk

29-njy sentýabrda polisiýa Kurbanlini ýaşlaryň “Nida” atly oppozision toparynyň Bakudaky ştabynyň golaýynda tussag etdi. Kurbanli bu syýasy toparyň ýolbaşçylar geňeşiniň agzasy. Polisiýa ştabyň içini dökdi we käbir dokumentleri, şol sanda 2013-nji ýylda boljak saýlawlar baradaky listowkalary ele saldy.

Graždan eşikli polisiýa wekilleri özlerini Guramaçylykly jenaýata garşy göreş boýunça bölümiň wekilleri hökmünde tanatdylar we Kurbanlini näbelli ýere äkitdiler.

Kurbanli daşky dünýäden üzňelikde saklanyp, 1-nji oktýabrda öz aklawçysy bilen duşuşmak mümkinçiligine eýe boldy. Ol polisiýa garşylyk görkezmekde aýyplandy. Bu bolsa onuň 15 günläp tussaglykda saklanmagy üçin ýeterlik delil boldy.

Içeri işler ministrliginiň resmisiniň sözlerine görä, ýakyn günlerde Kurbanlä has köp aýyplamalaryň ýöňkelmegi ähtimal.

Orhan Mansurzadeniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Kurbanli bikanun neşe dolanyşygy bilen baglylykda tussag edilipdir, şeýle-de onuň ofisinde “bikanun dokumentler” tapylypdyr.

“Nida” atly oppozision topar häkimiýetleriň Kurbanlini tussag edip, ony sem etmäge synanyşýandyklaryny aýdýar. Guramanyň wekili Turgut Kambar häkimiýetleriň “hatda syýasy partiýalara degişli bolmadyk ýaşlar guramalaryny hem gorkuzmaga synanyşýandyklaryny” beledi.

Kurbanlynyň aklawçysy Aşabali Mustafaýew blogeriň tussaglygynyň möhletiniň 15 gün bilen çäklendirilmegini gazanmaga çalyşýandygyny aýtdy.

Reaksiýa

2-nji oktýabrda “Amnesty International” guramasy Kurbanliniň tussag edilmegini ýazgardy we onuň boşadylmagyny talap etdi.

Bu ýaş bloggeriň tussag edilmegi Azerbeýjanda hökümeti tankyt edýän blogerlere garşy basyşlaryň dowamy boldy. 2009-njy ýylda häkimiýetler iki blogeri iki we iki ýarym ýyllyk türme tussaglygyna höküm edipdi. Bu waka halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşüpdi.

Hökümeti ýaňsylap çykyş eden Emin Milli we Adnan Hajyzada 17 aýlyk türme tussaglygyndan soň 2010-njy ýylyň noýabr aýynda boşadylypdy.
XS
SM
MD
LG