Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-özbek serhedinden geçiş aňsat däl


Türkmen-özbek serhedinde, 2012-nji ýylyň 6-njy iýuny.

Türkmen-özbek serhedinde, 2012-nji ýylyň 6-njy iýuny.

Ýakynda Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow Türkmenistana sapar etdi. Türkmen metbugaty iki ýurduň arasyndaky konstruktiw, işjeň gatnaşyklaryň soňky ýyllarda has berkändigini we döwletara gatnaşyklarynyň yzygider we maksadalaýyk häsiýete eýe bolandygyny ýazdy.

Synçylar bolsa türkmen-özbek gatanşyklarynyň öňki prezident S.Nyýazowyň ölüminden soň görnetin gowulaşandygyny aýdýarlar. Olar iki ýurduň arasyndaky baryş-geliş gatnaşyklarynyň ýeňilleşdirilmegini, söwdanyň we medeni hyzmatdaşlygyň giňemegini muňa delil edip görkezýärler.

Ýöne iki ýurduň serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylary serhetden geçmekdäki kynçylyklaryň heniz hem saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Şu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, 72 ýaşly pensioner Hajyýew Abdal bilen söhbetdeş boldy (aşakda).

XS
SM
MD
LG