Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da ilkinji prezidentlik çekişme başlanýar


Prezident Barak Obama bilen onuň Ak Tama dalaş edýän garşydaşy, Massaçusetts ştatynyň öňki gubernatory Mitt Romneýniň arasynda şu gün giçlik häzirki saýlaw möwsüminiň ilkinji prezidentlik çekişmesi gurnalýar.

Birnäçe aýlap aýratynlykda kampaniýa geçiren bu iki adam Kolorado ştatynyň Denwer şäherinde gurnalan sahnada duşuşarlar. Olaryň bu duşuşygy şu günden başlap saýlaw gününe, Noýabryň 6-na çenli tertipleşdirilen 90 minutlyk üç çekişmäniň ilkinji syýasy debatydyr.

Pikir soralyşygyň netijelerine görä, Obama ýurt boýunça biraz öňde barýar. Ýöne synçylaryň pikiriçe, Romneý şu gije güýçli çykyş etse, ol bu aratapawudy ýeňip geçmäge mümkinçilik gazanar.

Milli telewideniýede görkeziljek şu gije geçirilýän syýasy çekişmä 50 million adamayň tomaşa etjekdigi çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG