Sepleriň elýeterliligi

Gämi heläkçiligi bilen bagly ýedi ekipaž agzasy tussag edildi


Gonkongda heläkçilige uçran gämileriň ekipažynyň ýedi agzasy tussag edildi.

Sişenbe güni feýerwerkleri görmäge 120 adamy alyp barýan ýolagçy gämisi başga bir parom bilen çaknyşdy. Bu heläkçilikde 38 adam öldi.

Açyk howada we asuda suwda ýüz beren bu heläkçiligiň sebäpleri häzirlikçe anyklanmady.
Häkimiýetler bu heläkçilikde ýiten adamlar barada doly maglumatlarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Bu Gonkongda on ýyllyklaryň dowamynda deňizde ýüz beren iň erbet heläkçilikdir.
XS
SM
MD
LG