Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diplomatlaryň howpsuzlygy boýunça talaplara baş galdyrylmandygy aýdylýar


ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Liwiýada howpsuzlygy berkitmek baradaky amerikan diplomatlarynyň yzygiderli ýüzlenmesine Obamanyň administrasiýasynyň baş galdyrmandygyny aýdýarlar we bu barada döwlet sekretary Hillary Klintondan jogap soraýarlar.

11-nji sentýabrda Bengazide ýüz beren hüjümde dört amerikan diplomaty, şol sanda ABŞ-nyň Liwiýadaky ilçisi öldürildi.

Hillary Klinton bu barada has doly maglumat berilmegini soran kanun çykaryjylara jogap berjekdigini we Bengazidäki wakany derňemekde Kongres bilen “has ýakyn” hyzmatdaşlyk etjekdigini sişenbe güni aýtdy.

Ilçi Kristofer Stewens we ýene bir diplomat hem-de iki howpsuzlyk işgäri Bengazidäki hüjümde heläk boldular.
XS
SM
MD
LG