Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň daşary işler ministri Yslamabada iki günlük sapar edýär


Çarşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Yslamabada iki günlik sapary başlanýar. Saparyň dowamynda ol Pakistanyň resmileri bilen gepleşikler geçirer.

Penşenbe güni Lawrow Pakistanyň prezidenti Ali Asif Zardari hem-de premýer-ministr Raja Perwez Aşraf bilen duşuşar.

Şeýle hem ol Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khan bilen hem penşenbe güni gepleşikler geçirer.

Pakistanyň daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, gepleşiklerde Owganystandaky syýasy çözgüdiň geljegi bilen bagly meselelere, şeýle hem bilelikdäki biznes proýektlere garalar.

Geçen aýda Moskwa bilen Yslamabat Pakistanyň ýangyç we energetika, transport, oba hojalygy we telekommunikasiýa pudaklaryny ösdürmäge Orsýetiň gatnaşdyrylmagy barada ylalaşdylar.
XS
SM
MD
LG