Sepleriň elýeterliligi

24 sagatlyk iş taşlaýyş Belgiýanyň otly gatnawuny petikledi


Demirýol işgärleriniň 24 sagatlyk iş taşlaýyşy Belgiýanyň bütin otly gatnawuny petikledi.
Bu ýagdaý London bilen Parižiň arasyndaky uly tizlikdäki halkara demir ýol gatnawuna hem täsirini ýetirdi.

Iş taşlaýyş sişenbe güni başlanyp, çarşenbe güni irden gatnawuň gyzgalaňly wagtyna çenli dowam etdi.

Şäheriň çetinde ýaşaýan on müňlerçe adam paýtagta barmak üçin awtomobil gatnaýan uly ýola çykdylar we dykyn emele getirdiler.

Belgiýanyň demirýol transportyna gözegçilik edýän üç kompaniýasynda geçirilýän özgerişikleriň işçileriň ýagdaýyna ýaramaz täsir etjekdigini demirýol işgärleri aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG