Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleppodaky bomba partlamalarynda azyndan 40 adamyň ölendigi aýdylýar


Siriýanyň demirgazygyndaky Aleppo şäheriniň hökümet güýçleriniň gözegçilik edýän raýonynda ýüz beren üç bomba partlamasynda azyndan 40 adamyň ölendigi, 90 adamyň bolsa ýaralanandygy habar berilýär.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän düýbi Londondaky toparyň maglumatyna görä, partlamalar şäheriň merkezi meýdançasyna golaý ýerleşýän harby ofiserleriniň klubynyň ýanynda ýüz beripdir.

Ölenleriň we ýaralananlaryň aglabasynyň harbylardygy aýdylýar.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi partlamalaryň ulag bombalary arkaly “terrorçylar” tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

Alleppoda birnäçe hepdeläp hökümet güýçleri bilen pitneçileriň arasynda söweşler gidýär. Şäheriň käbir raýony gezekli-gezegine garşylykdaky güýçleriň gözegçiligine geçýär.

Hökümet güýçleri tarapyndan gözegçilige alnan raýonlary eýelemek üçin geçen hepdede pitneçiler gaýtawul söweşine girişdiler.
XS
SM
MD
LG