Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan we Özbegistan serhetlerini bile goramakçy


Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhammedow (çepde) we Yslam Karimow (sagda)

Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhammedow (çepde) we Yslam Karimow (sagda)

2-nji oktýabrda Aşgabatda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň üns merkezinde Owganystan bilen serhetleri goramak temasynyň bolanlygy habar berildi. Taraplaryň arasynda birnäçe resmi dokumentlere gol çekildi.

Owganystan bilen serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi 2-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek gepleşikleriniň üns merkezinde boldy.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri goňşy Owganystandan NATO-nyň parahatçylygy goraýjy güýçleriniň çekilmeginden soň serhetleri bilelikde goramak meselesini maslahat etdiler. 2014-nji ýylda NATO-nyň goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagy planlaşdyrylýar.

G.Berdimuhammedow we Yslam Karimow Owganystandaky ýagdaýyň tiz durnuklaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýärler, diýip türkmen metbugaty habar berdi.

Yslam Karimow “döwrüň aňsat bolmadyk problemalary boýunça ylalaşykly kararlaryň zerurdygyny” belledi. Özbek prezidentiniň sözlerine görä, problemalar hususan-da “parahatçylygy dörediji güýçleriň Owganystandan çekilmegi bilen baglylykda serhetleriň goralmagyna” degişli bolar. Karimow bu problemalary çözmek boýunça prezidentleriň "nukdaý nazarlarynyň gabat gelýändigini” nygtady.

Gurbanguly Berdimuhammedow Owganystanda parahatçylyga diňe syýasy we diplomatik usullar arkaly, şeýle-de owgan halkynyň ykdysadyýetini we sosial durmuşyny dikeltmeklige gönükdirilen uly infrastruktura proýektleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi arkaly ýetip boljagyny aýtdy, diýip türkmen metbugaty habar berdi.

Aşgabatdaky gepleşiklerde umumy serhete eýe bolan ýurtlaryň öz raýatlarynyň "parahatçylygyny saklamak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin tagallary birleşdirmäge we öňüni alyjy çäreleri ylalaşmaga" gyzyklanma bildirýändikleri mälim edildi.

Hyzmatdaşlyk ugurlary

Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek gepleşiklerinde iktaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň ýene birnäçesi maslahat edildi. Olaryň arasynda ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek we Merkezi Aziýada serhetdäki derýalardan peýdalanmak poblemalarynyň maslahat edilendigi habar berildi.

Özbegistanyň prezidenti Karimowyň sözlerine görä, ýurtlaryň özara haryt dolanyşygy ýarym milliard dollardan geçipdir. Karimow haryt dolanyşygyny “ýene birnäçe esse artdyrmak üçin” mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Türkmen-özbek gepleşiklerinde şeýle-de ulag gatnawy, tranzit, telekommunikasiýa, energetika, oba hojalygy, syýahatçylyk, tebygy resurslaryň ulanylmagy we töwerek-daşy goramak barada maslahat edilendigi habar berildi.

Resmi maglumatlara görä, 2-nji oktýabrda Türkmenistan we Özbegistan arasynda bäş sany yllaşyga, şol sanda 2013-2017-nji ýyllarda ykdysady hyzmatdaşlyk barada we 2013-2014-nji ýylda döwletleriň daşary syýasy edaralary arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklara gol çekildi.
XS
SM
MD
LG